GEÇMIŞIŇ ÝAŇY — GELJEGIŇ DAŇY Türkmeniň ykbal asmanyndan nur saçýan Garaşsyzlyk halkymyza diňe bir Altyn eýýamyň altyn gapysyny açyp bermän, eýsem onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy miraslarynyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine hem giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa häzirki türkmen döwletiniň berk taryhy binýat esasynda gurulýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat sallançagy boldy. Alymlar biziň eýýamymyzdan 6 müň ýyl öň türkmenleriň ata-babalarynyň öňdebaryjy bilimleri özleşdirendigini nygtaýarlar. Irki ekerançylyk zamanasyndaky türkmen jemgyýetleri Garadepe, Göksüýri, Ýylgynly ýaly oturymly ýerleri — ajaýyp ýadygärlikleri miras goýdy. Gadymy oguz-türkmen döwleti, Parfiýa zamanasy, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleri, osman türkmenleriniň soltanlyklary we beýleki türkmen döwletleri adamzadyň syýasy taryhynda özboluşly adalat baýdagy bolup pasyrdady. Hut şonuň üçin hem Türkmenistany 5 babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr». Biz ata-babalarymyzyň öňündäki şol ogullyk borjumyzy berjaý etmek maksady bilen hem Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretdik. Asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, Ruhnamanyň ruhunda ylmy esasda özleşdirmek, dünýäniň dürli künjeginde beýik döwletleri döreden halkymyza degişli miraslary tapmak, olary täzeden jana getirmek, ajaýyp kitaplara öwrüp, gaýtadan halkymyza hem-de dünýä ýaýmak «Miras» merkeziniň işgärleriniň öňünde duran gaýragoýulmasyz borçdur! Eziz halkym! Siziň eliňizde «Miras» merkeziniň taýýarlan kitaby. Bu kitabyň biziň ata-babalarymyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklaryna teşne kalbyňyza teselli berjekdigine ynanýaryn. Käbelerimiz hem kyblalarymyz hakyndaky ýüreklerimiziň töründäki gyzgyn söýginiň oduny alawlandyrjakdygy mende ýakymly duýgy döredýär. «Miras» merkeziniň çykarjak kitaplarynyň höwrüniň köp boljakdygyna ynanýaryn we oňa ak ýol arzuw edýärin. Işiň rowaç, ýollaryň ýagty bolsun! Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. 7 hoşlaşyp, Soltan Salaheddin dört tirkeşigiň birinji aýynyň ortasynda Damaskdan Humusa ýöneldi. Ol Humusyň günbataryndaky Kadas kölüniň ýanynda düşledi. Onuň ýanyna dürli ýerlerden goşun gelip başlady. Ilkinji bolup Sanjar hökümdary Ymadeddin Zeňňi ibn Mewdut ibn Aksungur geldi. Mosul we Jezire ýurtlaryndan hem goşuna esger gelip goşuldy. Esger gelip, goşun köpeldi, hatda onuň bir çeti kürtleriň galasynyň gündogar tarapyna çenli baryp ýetdi. Men hem [Ibn Esir, terj. bell.] şol wagt onuň ýanyndadym. Şol günden başlap esgerler Ýewropa gidip ugradylar. Olar Sofiýany, Uzaýmany, Ýahmury we beýleki welaýatlardyr ýurtlary basyp aldylar. Soltan Salaheddin ýurtlary aýlanyp görüp, bu ýerlere gelýän ýollary we bu ýerler bilen araçäkleşýän ýurtlary öwrenip, goşun leşgergähine sag-salamat dolanyp geldi. Esgerler dürli-dümen olja alyp, dört tirkeşigiň birinji aýynyň ahyryna çenli kürt galasynda galdylar. JEBELÄNIŇ BASYLYP ALYNMAGYNYŇ BEÝANY Soltan Salaheddin kürt galasynda bolýarka, onuň ýanyna Jebeläniň kazysy Mansur ibn Nebil geldi. Ol Antakyýanyň we Jebeläniň kazysydy we ol ýerleriň eýesi Bimondyň ýakyn ýardamçysydy. Kazy gepi diňlenýän, uly hormatdan peýdalanýan, şol ýeriň ähli musulmanlaryna hökümini ýöredýän adamdy. Kazy Soltan Salaheddinden başga dine gulluk edýänlerden musulmanlary azat etmegini sorady. Soltan Salaheddin kazy bilen ýörişe gitdi. Soltan Salaheddin baryp görse, ýewropalylar ondan gorkusyna şäheri boşadyp, barysy galanyň iki minarasyna jemlenipdir. Bu iki minara özbaşyna bir gala ýalydy we güýçli goralýardy. Musulmanlar galanyň diwarlaryny, gaýry dinlileriň ýaşaýan öýlerini ýykyp-ýumrup weýran etdiler. Soltan Salaheddin bu iki minarany gabawa aldy. Bir minaranyň adamlary aman diläp, Soltan Salaheddiniň ýanyna geldiler. 9