ÝURTLARYŇ KAZYLAR KAZYSY MÜJIRILMILE 1 WEDDIN TAHYR IBN OMAR EL-HOREZMINIŇ SOLTAN JELALEDDINIŇ HUZURYNDAN SOLTAN ALAEDDINIŇ HYZMATYNA GELMEGINIŇ BEÝANY Bagtly we şehit Soltan Jelaleddin ibn Soltan Alaeddin Muhammet ibn Tekeş (Allatagala ýatan ýerlerini ýagty etsin!) Hind sebitinde mongol goşunyndan ýeňlip, öz janyna tatar goşunynyň ot saçyjy tygy sanjylar gorkusyndan gaçyp, Sind suwundan pena isledi. Şeýdip bela gamzasyndan we heläkçilik howpundan halas boldy. 2 Wepa Melik ilki başlarda ol sebitleriň garyp ýaşlaryndandy. Ýöne sahawat we batyrlyk bilen özüni ol tarapyň han-begleriniň derejesine ýetirdi. Ýerine ýetiren mynasyp hyzmatlary, minnetdarlyga laýyk dürli tagallalary bilen hukugyny berkidipdi. Şol sebäpli Wepa Melik lakamyna eýe bolupdy. Ol diýaryň hökümeti hem oňa tabşyrylypdy. Soltan şol ýeňlişde dargan we ahyry Soltan Jelaleddine goşulan pytraňňy goşunlar bilen Allatagalanyň ýardamy bilen ýagşy güzeran hasyl bolandan soň, her diýarda tutda-bas, urgun «Müjirilmille Weddin» ady Tahyr ibn Omar el-Horezminiň soň dakylan lakamydyr. Onuň manysy «Milletiň we diniň penakäri» diýmekdir. Käte bu lakamy dolulygyna, käte bolsa gysgaldyp «Müjirilmille» ýa-da «Müjireddin» görnüşinde ýazýarlar. 2 Awtor Wepa Melik hakda şu azajyk getirilen maglumatdan başga hiç hili maglumat bermändir. Ähtimal awtor ol barada giňişleýin maglumat bermek isläp, soňra hem unudandyr. 1 5 Soltan Jelaleddin B.Owganowyň çeken suraty 7 abat saklasyn!). Hat jumadyl ahyr (dört tirkeşigiň dördünjisi) aýynda ýazylýar. Hudaýa şükür ol jenabyň (Rum soltanynyň) hümmetiniň bereketi we döwletiniň güýç bermegi bilen döwletiň ahwallary we ýurduň amallary ýüz müň tarypa we şükür etmäne esas bolýandyr. Hökmürowanlyk serişdeleri we äleme gözegçilik etmek esbaplary jemlenendir. Halaýyk üýşüp, beýik melikler we uly hanlar tabyn bolup, mirasdüşer ýurdy gysymyndadyr we ähli zatlar hasyl bolandyr. Leşger kömekleri-de yzy üzülmezdir we gelip durandyr. Mübärek çadyrymyz bu ýurtlardan aýrylan wagtynda Hind diýaryndan köp ýurtlar açylyp, biziň naýyplarymyzyň we kätiplerimiziň hasabyna geçdi. Ol tarapdan parahatçylyk hasyl bolansoň, häzirki halda hümmet we eradamyz diniň duşmanlaryndan ar alyp, yslam halkynyň ýüreklerini sowatmaga karar tapdy. Elbetde, ol jenabyň biziň ýurdumyzyň ahwalynyň terlenmegine, naýyplardyr raýatymyzyň ynamyna we berkemegine örän begenjekdigi we şat boljakdygy anykdyr we şek-şübhe ýokdur. Şonuň ýaly-da, ol jenaba hem ýüz görkezen her bir bagtyýarlykda biz özümizi onda paýly we şärikli (hakly) bilýäris. Bu halda biz beýik baştutan, alym, janypkeş, mülküň nyzamy (sütüni) milletiň, hak ýoluň we diniň penakäri yslamyň we musulmanlaryň abraýlysy, zamananyň akyldary, döwürleriň parasatlysy, Horezmiň we Horasanyň guwanjy, naýyplaryň şasy, ülkeleriň (ýurduň) kazylar kazysy şalaryň we soltanlaryň atasy Möwlana Tahyry (Allatagala onuň mümkinçiligini dowamly etsin we goldawyny gorap saklasyn!) Siz, hezretiň tarapyna iberýäris we gepleşik etmegi oňa tabşyrýarys. Ol beýikleriň äht-peýmanlaryna sebäpkärdir (araçydyr) we buýsançlylar toparynyň saýlantgysydyr we hezretiň köneki ulularyndandyr. Uly işlerde belli bolandyr we hemmeler tarapyndan ykrar edilendir. Ol bigäneligi birlige 9