GEÇMIŞIŇ ÝAŇY — GELJEGIŇ DAŇY Türkmeniň ykbal asmanyndan nur saçýan Garaşsyzlyk halkymyza diňe bir Altyn eýýamyň altyn gapysyny açyp bermän, eýsem onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy miraslarynyň ilgünüň köňül ganatyna öwrülmegine hem giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa häzirki türkmen döwletiniň berk taryhy binýat esasynda gurulýandygyny alamatlandyrýar. Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat sallançagy boldy. Alymlar biziň eýýamymyzdan 6 müň ýyl öň türkmenleriň ata-babalarynyň öňdebaryjy bilimleri özleşdirendigini nygtaýarlar. Irki ekerançylyk zamanasyndaky türkmen jemgyýetleri Garadepe, Göksüýri, Ýylgynly ýaly oturymly ýerleri — ajaýyp ýadygärlikleri miras goýdy. Gadymy oguz-türkmen döwleti, Parfiýa zamanasy, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleri, osman türkmenleriniň soltanlyklary we beýleki türkmen döwletleri adamzadyň syýasy taryhynda özboluşly adalat baýdagy bolup pasyrdady. Hut şonuň üçin hem Türkmenistany 5 laryny tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu atababalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr». Biz ata-babalarymyzyň öňündäki şol ogullyk borjumyzy berjaý etmek maksady bilen hem Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezini döretdik. Asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, Ruhnamanyň ruhunda ylmy esasda özleşdirmek, dünýäniň dürli künjeginde beýik döwletleri döreden halkymyza degişli miraslary tapmak, olary täzeden jana getirmek, ajaýyp kitaplara öwrüp, gaýtadan halkymyza hem-de dünýä ýaýmak «Miras» merkeziniň işgärleriniň öňünde duran gaýragoýulmaz borçdur! Eziz halkym! Siziň eliňizde «Miras» merkeziniň taýýarlan ilkinji kitaby. Bu kitabyň siziň ata-babalaryňyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklaryna teşne kalbyňyza teselli berjekdigine ynanýaryn. Käbelerimiz hem kyblalarymyz hakyndaky ýüreklerimiziň töründäki gyzgyn söýginiň oduny alawlandyrjakdygy mende ýakymly duýgy döredýär. «Miras» merkeziniň çykarjak kitaplarynyň höwrüniň köp boljakdygyna ynanýaryn we oňa ak ýol arzuw edýärin. Işiň rowaç, ýollaryň ýagty bolsun! Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň Prezidenti 7 oturymlylykdan daş bolsa, ol ýerde çarwalar ýaşaýarlar. Şeýlelikde, Eýran serhetlerinde oty köp, suwy az çöllük bolan, Arap mülki ýerleşýär. Munuň ýaly ýerlere, esasanam, oty köp iýip, suwy az içýän düýe mynasypdyr. Şol sebäpli araplaryň taýpalary we tireleri çenden-çakdan köpdür. Günbatardan Hind ummanynyň kenarlaryna çenli ähli sähralarda, düzlerde, derelerde, daglarda, jeňňeldir-tokaýlarda araplar ýaşaýarlar. Deşti Gypjak, Rus, Çerkes, Başgyrt, Talas, Saýram, Ibir Sibir, Pulat, Ankara sebti, Türküstan, Uýgurystan, Naýman taýpalaryna degişli bolan sebitler we dereler Gök Yrdyş, Garagurum, Balkan, Altaý daglary, Orhan suwy, Gyrgyz welaýaty, Kimjiýut, Mongolystan we Keraýyt taýpalary ady bilen tanalýan ýaýlakdyr-gyşlak ýerler Ötün (Ötüken), Küluran (Keliran), Talat Baljyýus, Burkan Kaldun, Gögenawur, Buýyr Nawur, Karkat, Künin, Erkine, Kylyr Selike, Burkujyn Tüküm, Kalaljyn Alt, Hytaý diwaryna birleşýän Ütkuh, şularyň ählisinde tamam olaryň kabylalary we türk taýpalary we tireleri ýaşaýardylar we häzirem öňküleri ýaly ýaşaýarlar. Olar tutuş Çyn, Hind, Keşmir, Eýran, Rum, Şam we Müsür welaýatlaryny kuwwat we hökmürowanlyk bilen basyp alyp, ol ýerlere pytrap, dünýäniň köp ýurtlaryny eýelediler we golastyna geçirdiler. Döwrüň geçmegi bilen ol taýpalardan köp tireler we uruglar bölündiler. Bu zamanda tutuşlygyna türkmen atlandyrylýan Oguz kowumy ýaly, her döwürde her taýpadan dürli uruglar peýda bolup, her biri bir sebäp bilen dürli at we lakama eýe boldular. Olar (oguzlar-türkmenler) gypjak, halaç, kaňly, garlyk we olara degişli beýleki taýpalara bölünýärler. Bu döwürde mongol diýlip atlandyrylýan kowumlar jelaýyr, tatar, oýrat, merkit we beýleki taýpalara, şeýle-de her haýsynyň özbaşdak patyşasy bar bolan, mongola meňzeýän käbir taýpalar keraýyt, naýman, onkut we şular kibi kabylalara, şonuň ýaly-da gadym zamanlardan bu döwre çenli Gongurat (Goňrat), Kurlas, 9