ölemen çilimkeşdi. Ol Nurberdi hanyň baştutanlygynda birnäçe atly-abraýly gojalary ýanyna alyp, Ahalyň o çetinden o çetine aýlanardy, olar her obada diýen ýaly düşlärdiler, obalar arasyndaky oňşuksyzlygyň anygyna ýeterdiler, gan duşmanlary ýaraşdyrardylar, dürli jemgyýetçilik hem syýasy wakalar babatda halk köpçüliginiň pikirini bilerdiler. Şahsy durmuşynda Gönübek kiçigöwünli, pukara adamdy. Sypaýylygy, alçaklygy, hemme kişä deň gözde garaýanlygy üçin ony hemme kişi sylardy, hormatlardy. Onuň öýi hemişe märekeden doludyr. Ýakyn hem alys obalardan gelen dost-ýarlary onuň öýünde ençeme günläp ýaşardylar. Onuň öýünde üýtgeşik bir dessur saklanardy. Ilden ilki uklan ýa-da ajygan adam masgaraçylyga galan hasaplanardy. Elbetde, onuň öýünde-de uklanardam, iýlibem-içilerdi. Bu ýerde gep başga zatdady. Hemme kişi bir wagtda ýatmalydy, hemme kişi bir wagtda iýip-içmelidi. Dürli ýerlerden gelen adamlar ýurt gürrüňini ederdiler, öz gün-güzeranlary barada derdinişerdiler. Gönübek ýaşlygynda Eýrana gidip, ogurlyk edendigini gürrüň bererdi. Bir gezek ol ýene-de şol ogurlyk maksady bilen ilerki daglardan sag-aman aşypdyr welin, kellesine şeýle bir pikir gelipdir: «Birden ýaralanaýsam, elim maýyp bolaýsa näderin? Birden galan ömrümde bar güýmenjäm, ýalňyz syrdaşym dutar çalmakdan mahrum bolaýsam näderin?» Ol bu sowallara jogap tapyp bilmän, ogurlygy taşlamagy ýüregine düwüpdir, orta ýoldan yzyna dolanypdyr hem bu pişäni ömürlik taşlapdyr. Durmuş ýoluna ogurlykdan başlan Göni soňra päk ýürekli ömür sürdi, ömrüni dogry ýolda ahyrlady, Gökdepäni goran köp adamlaryň hatarynda gahrymanlyk bilen şehit boldy. Myhmanlar hem gelip-gidýänler üçin ot-iým, un, huruşlyk goýun gerek bolanda, Gönübek ilkinji gabat gelen adamy islen5 -galmagaldan doldurýardy ýa-da edep saklap, ak-sakgallaryň gürrüňini diňleýärdi. Kerimberdi işanyň Mekgä zyýarata gidendigini, ol ýerden alty aýdan soň dolanyp gelendigini aýtmak gerek. Işan hökmünde-de, haja gidip gelen adam hökmünde-de, umuman takwa adam hökmünde-de ony gaty hormatlaýardylar hem sylaýardylar. Biz ikindi namazyny okap bolup, ýerli-ýerimizden butnaman, ýazylyp-ýaýrap agşam namazyna garaşyp otyrdyk. Men öň hatarda Gönüden çepräkde otyrdym. Kerimberdi işan ondan-mundan gürrüň edip oturyşyna, Gönübegiň hemme taraplaýyn bir kössüz adamdygyny, ýöne onuň ýekeje kemçiliginiň bardygyny — ölemen çilimkeşdigini, eger şojagaz kemçiligi hem bolmasa, ony perişde hasap edäýmelidigini, ony bu ýaramaz endiginden el çekmäge yryp bilse, muny özüniň uly iş bitirdigi hasap etjekdigini, bu sogap işi ak pata bilen berkitjekdigini aýtdy. Onuň bu sözleri oturan adamlaryň barynyň ünsüni çekdi. Şol wagt Nurberdi han özüniň adaty batly sesi bilen şeýle jogap berdi: — Tagsyr, siz haýyş etseňiz, Gönübek çilimini goýar. Bizem siziň haýyşyňyza goşulýarys. Pataňyzy beriberiň, tagsyr! Ilat, eliňizi göteriň! Işan bilen hanyň baştutanlygynda, oturanlaryň bary elini ýüzüne ýetirdi. Diňe Göni ýüzüni ak-tam edip, elini götermän, sarsman otyrdy. — Eliňi göter, hajy işanyň patasyny kabul et! — diýşip, dürli tarapdan seslendiler. — Eliňi göter! — diýip, han batly gygyrdy. Göni sarsman otyrdy. — Razy bolaý! — diýip, işan ýalbaryjy ses bilen aýtdy. Ýöne hiç zat peýda etmedi. Oturan adamlary bu oňaýsyz 7 — Men Gurbanmyrat işana elimi bermen, bu dünýede-de, o dünýede-de onuň ýüzünem göresim gelenok. Bar töwellaňyz biderek — diýip, aç-açan aýtdy. Gurbanmyrat işanyň uzadan eli uzadyşyna galdy. — Haýyş edýän, meniň hatyrama, şu märekäniň hatyrasyna eliňi uzat! — diýip, Kerimberdi işan ýalbardy. — Men dünýede hiç bir adamyň hatyrasyna musulmanlar arasynda bigünä gan dökülmegine sebäp bolan ýaramaz adam bilen ýaraşmaryn. Işanlyg-a beýlede dursun, ol adamam däl. Mundan soňky töwellalaram hiç peýda bermedi. Aýal-erkek tutuş ilat ruslara garşy göreşe galanda, Gönübek galany goraýjylary hemişe uly edermenlige ruhlandyrdy. Biziň goňşy ýurtlar bilen nesilme-nesil alyp baran göreşlerimiziň arasynda ruslara garşy göreşimiz iň agyr, iň gan döküşikli, iň gaýduwsyz göreş boldy. Galanyň diwarlarynyň eteginde, içinde, guma tarap gaçylyp gidilen ýolda, gala goralanda, ýykylanda, ol alnandan soňky üç günüň dowamynda 15 müňdenem köp adam öldi. Biziň ähli emlägimiz dargady. Ýesir düşen çagaly aýallarymyzyň, ýöne çagalarymyzyň özleriniň her haýsy bir ýurtdan çykdy, ýeňijileriň, biziň başymyza düşen bet-bagtlykdan peýdalanan goňşy duşmanlarymyzyň elinden-eline geçdi. Güýçler deňär ýaly däldi. Ýeňilen adamlaryň başyna nähili günleriň düşjegi hemme kişä-de, her bir adama-da äşgärdi. 12-nji ýanwar, sowuk gyş güni biziň erkana ýaşaýşymyzyň iň soňky güni hem türkmençiligiň mazara dykylan güni boldy. Şol elhenç günden biziň tutuş köne durmuşymyzyň harabalygynda ösüp ugran täze durmuş başlandy. «Täze», halk üçin agyzdyryk bolan durmuşyň nähili betbagt9